Ýewroparlament enjamlar abatlanylandan soňky kepilligiň möhletini uzaltmagy kanunylaşdyrdy

  • 26.04.2024 19:54
  • 3.5k+

Ýewropa Bileleşigi elektronika enjamlaryny öndürijilerden önümlere azyndan iki ýyl kepillik bermegini talap edýär, ýöne indi Ýewropa Parlamenti täze has talabediji düzgünleri kabul etdi diýip, 3DNews ýazýar.

Täze düzgünler ÝB-niň ýurtlarynda elektronika enjamlaryny bejertmekde sarp edijileriň hukuklaryny has-da giňeldýär.
Täze düzgünlere laýyklykda öndürijiler şulara borçludyr:

  • • Alyjylara abatlamak hukugyny habar bermek;
  • • Giňeldilen kepillikleri teklip etmek;
  • • Tygşytly abatlaýyş hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek;
  • • Ätiýaçlyk şaýlaryny we gurallary elýeterli bahadan hödürlemek;
  • • Enjamlaryň özbaşdak abatlanylmagyna päsgel bermezlik;
  • • Hakyky däl ätiýaçlyk şaýlarynyň ulanylmagy bilen abatlamakdan ýüz öwürmezlik;
  • • Kepillik möhleti tamamlanandan soň hem harytlary bejermek;
  • • Eger önüm kepillik möhletiniň dowam edýän wagtynda bozulsa, sarp edijiler ony çalyşmagy ýa-da abatlamagy saýlap bilerler.

Bejerilen halatynda enjamyň kepillik möhleti bir ýyl uzaldylar.
Täze düzgünler sarp edijileriň iň ýakyn ussahanalar we hyzmat merkezleri barada maglumat tapyp biljek umumyýewropa onlaýn platformasynyň döredilmegini hem göz öňünde tutýar.
Bu çäreleriň enjamlary çalyşmaga däl-de, abatlamaga höweslendirmegine we şeýlelik bilen, elektron galyndylarynyň sanyny azaltmagyna garaşylýar.
Bu täze düzgünler özbaşdak bejermegi çäklendirmek syýasaty bilen tanalýan «Apple» ýaly kompaniýalaryň gyzyklanmalaryna täsir edip biler. Ýewropaly kanun çykaryjylar kompaniýanyň indi enjamlaryň özbaşdak bejerilmegine päsgelçilik döredýän her bir işi delillendirmelidigini we munuň kazyýet işine çenli ýetip biljekdigini bellediler.


24.04.2026 15:00
5.1k+

2027-nji ýyldan ÝB-niň bazarynda batareýasy aýryp-dakylmaýan smartfonlar we planşetler gadagan ediler

2027-nji ýylyň 18-nji fewralyndan Ýewropa Bileleşiginiň bazarynda öndürijileri smartfonlary we planşetleri aýryp-dakylýan batareýalar bilen üpjün etmäge borçlandyrýan täze düzgünler güýje girer. 2023-nji ýylda......

18.04.2026 16:22
4.3k+

Niderlandlar Ýewropada ilkinji bolup jemgyýetçilik ýollarynda Teslanyň awtopilot ulgamyny ulanmaga rugsat berdi

Niderlandlar “Tesla” kompaniýasynyň awtopilot ulgamyny jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat beren ilkinji Ýewropa ýurdy boldy. Bu barada Reuters habar berýär....

07.03.2026 10:41
3k+

Nemes alymlary «Starship-iň» ýewropaly bäsdeşini tanyşdyrdylar

Germaniýanyň awiasiýa we kosmonawtika merkeziniň alymlary meşhur «Starship» raketasynyň iň jikme-jik we garaşsyz synyny çap etdiler. Bu ylmy iş hakynda CEAS Space Journal žurnalynda okap bolýar. Gözlegçi bilermenler «Starship» raketasynyň ilkinji dört synag uçuşynyň açyk maglumatlaryny seljerdiler we onuň mümkinçilikleri esasynda öz modellerini gurdular...

06.03.2026 11:48
1.3k+

Ýewropaly we hytaýly alymlar lazer internetini döretmekde uly öňegidişlik gazandylar

Ýewropa kosmos agentligi taryhda ilkinji gezek uçar bilen emeli hemranyň arasynda gigabit tizlikli lazer aragatnaşygyny amala aşyrdy. Bu tejribe awiasiýa we barylmasy kyn bolan sebitler üçin giň zolakly interneti ösdürmekde möhüm tapgyrdyr...