Xiaomi uly we arzan Poco planşetini çykarmaga taýynlanýar

  • 26.04.2024 10:14
  • 2.9k+

Xiaomi kompaniýasy öň Hytaýda hödürlenen Redmi Pad Pro planşetini Poco brendi bilen dünýä bazary üçin täzeden çykarmagy maksat edinýär. Degişli aýratynlyklary bolan planşet FCC tarapyndan sertifikatlaşdyryldy diýip, MySmartPrice portaly habar berýär.

Xiaomi-niň subbrendiniň ilkinji planşeti 2405CPCFBG model belgili enjam diýlip atlandyryldy we ol Android 14 operasion ulgamynyň HyperOS 1.0 nusgasy bilen ýerlener.
FCC maglumatlar bazasyna görä, Poco Pad Wi-Fi 6-ny hem goldaýar we 33 Wt zarýad beriji bilen üpjün edilýär. Redmi Pad Pro-nyň dünýä bazaryna Poco planşeti hökmünde hödürlenjekdigi öňem bellenilýärdi we FCC maglumatlar bazasyndaky meňzeş parametrler bolsa bu maglumatlary tassyklady.
Bu ýagdaýda Poco Pad 1600x2560 piksel durulykda we 120 Gs şekil täzeleniş tizligi bolan 12,1 dýuým IPS ekrana eýe bolar. Enjam 6 ýa-da 8 GB operatiw ýat we 128 ýa-da 256 GB hemişelik ýat bilen doldurylan Qualcomm Snapdragon 7s Gen 2 çipi bilen üpjün ediler. Planşetde 10000 mA/s sygymly akkumulýator, hersi 8 megapiksel durulykda öň we esasy kameralar bolar.
Poco Pad-yň tanyşdyryljak senesi we bahasy heniz aýan edilmedi.


şu gün 01:33
1.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...