Çoganly ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdep we 320 orunlyk çagalar bagy gurlar

  • 25.04.2024 22:52
  • 11k+

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi we 320 orunlyk çagalar bagyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada penşenbe güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow habar berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän bu täze bilim edaralary “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýaş nesilleriň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen gurlar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi we 320 orunlyk çagalar bagyny gurmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


02.06.2026 20:35
3.6k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......