“Oskaryň” gowşurylyş düzgünlerine üýtgeşmeler girizildi

  • 25.04.2024 14:52
  • 4k+

Amerikan kinoakademiýasy “Oskar” baýragyna üýtgeşmeleriň girizilendigini habar berdi. 97-nji baýrak gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 2-nji martynda geçiriler.

Şeýlelikde, indi “Iň gowy original saundtrek” kategoriýasynda baýragy aýdym-sazy döretmäge gatnaşan birbada üç kompozitor alyp biler. Öň, awtorlar toparyna diňe bir heýkel berilýärdi, mysal üçin, “Ruh” («Душа») multfilmi üçin Trent Reznor, Attikus Ross we Jon Batist diňe bir heýkel aldylar.
Mundan başga-da, gysga sanawdaky saundtrekleriň sany 15-den 20-ä çenli artdyryldy.
Üýtgeşmeler beýleki kategoriýalara hem täsir etdi: halkara kategoriýadaky multfilmler indi animasion “Oskara” dalaşgär görkezilip bilner, ssenariýa hödürlenende bolsa ahyrky görnüş tabşyrylmalydyr.
“Oskar – 2025-e” dalaşgärler indiki ýylyň 17-nji ýanwarynda yglan ediler. Soňky dabarada iň köp baýrak alan “Oppengeýmer” filmi bolupdy. Ol ýedi heýkele mynasyp boldy.


düýn 15:50
2.3k+

Netflix Ronaldinýo barada serial çykarar

Netflix striming platformasy ähli döwürleriň iň beýik futbolçylarynyň biri bolan braziliýaly Ronaldinýo barada dokumental serial taýýarlaýar. Bu barada kompaniýa özüniň sosial ulgamynda habar berdi....

düýn 10:56
880

Kann kinofestiwaly «Elektrikli Wenera» komediýasy bilen açylar

79-njy Kann kinofestiwaly režissýor Pýer Salwadoriniň «Elektrikli Wenera» («Электрическая Венера») atly komediýasy bilen açylar. Filmiň görkezilişi 12-nji maýda – dabaraly açylyş gününde bolar....

01.04.2026 16:26
1.2k+

Aşgabatda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi

Aşgabatda 27–29-njy mart aralygynda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi. Çäre Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermegi bilen «ROSKINO»......

01.04.2026 11:57
2.7k+

Mercedes «Melgun Prada geýýär» filminiň ikinji bölüminiň hyzmatdaşy boldy

Mercedes kompaniýasy «Melgun Prada geýýär» («Дьявол носит Prada») filminiň ikinji bölüminiň hyzmatdaşy boldy — indi Miranda Pristli Mercedes-Maybach S-Class awtomobilini müner. Filmiň dünýä premýerasy 1-nji......