TikTok Lite Ýewropa Bileleşiginde bloklanyp bilner. Sebäp: sosial ulgam özüne öwrenişdirýär

  • 25.04.2024 12:20
  • 9.4k+

Ýewrokomissiýa TikTok Lite programmasynyň Sanly hyzmatlar baradaky kanuny (DSA) bozýandygy barada güman edip, onuň bilen bagly derňew işine başlady. Bu barada Mail.ru habar berýär.

ÝB-niň käbir ýurtlarynda 2024-nji ýylyň aprel aýynda işe girizilen bu hyzmat ulanyjylara wideo tomaşa edendigi, laýklar we teswirler üçin bal ýygnamaga, soňra olary dürli baýraklara çalyşmaga mümkinçilik berýärdi.
ÝB-niň häkimiýetleri şeýle sylaglama ulgamynyň ulanyjylary, aýratynam, ýaşlary “maýyl edip”, olaryň psihiki saglygyna ýaramaz täsir edip biljekdigi barada alada edýärler.
Ýewrokomissiýa derňew işine başlamazdan ozal sosial ulgama eýeçilik edýän ByteDance kompaniýasyndan 24 sagadyň içinde hyzmatyň bolup biljek töwekgelçilikleri barada hasabat bermegi sorady, ýöne kompaniýa jogap bermedi.
ÝB-niň içerki bazar boýunça Komissary Týerri Breton TikTok Lite-yň çilim ýaly zäherli we endik etdiriji bolup biljekdigini we eger TikTok öz howpsuzlygy barada ygtybarly subutnama bermese, çagalary goramak üçin TikTok Lite-yň işlemegini togtatmak ýaly dürli çäreleriň görlüp bilinjekdigini belledi.
TikTok-yň wekili Ýewrokomissaryň kararyndan nägile bolup, bu hyzmatyň 18 ýaşdan kiçi çagalar üçin elýeterli däldigini we wideo görmek üçin gündelik çägiň bardygyny aýtdy.
Derňew TikTok Lite-yň Sanly hyzmatlar baradaky kanuny bozýandygyny ýa-da ýokdugyny kesgitlär. Düzgün bozulma ýüze çykarylan halatynda, hyzmata ýyllyk global dolanyşygyndan 6%-ine çenli jerime salnyp bilner.


02.06.2026 11:16
2.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

27.05.2026 18:08
3.6k+

Çehiýa Respublikasynyň ýaşaýjysy Eurojackpot lotereýasyndan 120 million ýewro utdy

Eurojackpot lotereýasyny oýnan çehiýaly oýunçy zerur bolan sanlaryň tutuş kombinasiýasyny dogry bilip, 120 million ýewrolyk baş baýragy utdy. Bu barada utuşly oýny utgaşdyryjy, Mýunsterde ýerleşýän Westlotto......