Alymlar: Düýe süýdi dünýäde iň zerur içgileriň birine öwrüler

  • 25.04.2024 12:04
  • 17k+

Alymlar düýe süýdüniň dünýäde iň meşhur içgileriň birine öwrüljekdigini çaklaýarlar. Bu barada PLOS One žurnalynda geçirilen gözleglere salgylanýan ScienceFocus.com  ýazýar.

Düýeleriň Afrika ýurtlarynda öndürilýän süýdüň, takmynan, 8%-ini üpjün edýändigi bellendi. Hünärmenler 2030-njy ýyla çenli dünýäde düýe süýdüniň söwdasynyň 13 milliard dollardan geçip biljekdigini we 2022-nji ýyldakydan 10 esse köp boljakdygyny çaklaýarlar.
Saud Arabystany, BAE, Gazagystan we Mongoliýa ýaly ýurtlarda düýe süýdi bireýýämden bäri köpçüligiň adaty islegli önümidir. Oksford uniwersitetinden doktor Ariel Ahern 2050-nji ýyla çenli iri düýe fermalarynyň peýda bolup başlan ýeri bolan Angliýada meşhur bolup biljekdigine ynanýar. Bu önüme bolan isleg süýt öndürmek we gaýtadan işlemek tehnologiýasynyň ösmegine hem itergi berýär.
Howanyň üýtgemegi nukdaýnazaryndan seredeňde, düýe süýdüniň birnäçe artykmaçlygy bar:

  • Sygyrlardan tapawutlylykda, düýeler ýowuz howa şertlerine, ylaýta-da aşa yssa we gurakçylyga çydamly bolýarlar.
  • Düýeler iými we suwy, sygyrlara garanyňda, süýt we et görnüşine has netijeli öwürýär.
  • Sygyrlar has köp metan öndürýär, bu daşky gurşawa ýaramaz täsir edýär.

Düýe süýdüniň peýdaly häsiýetleri:

  • Sygyr süýdüne garanda, düýe süýdünde has köp C witamini we demir bar.
  • Laktoza çydamsyz adamlar üçin amatly.
  • Ganda süýjiniň derejesini peseldip, süýji kesellileriň insuline duýgurlygyny ýokarlandyryp, immunitetini güýçlendirip biler.

düýn 23:37
2.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......