ABŞ-da öý şertlerinde deriniň rak keselini anyklamaga kömek etjek plastyr oýlanyp tapyldy

  • 29.07.2025 19:11
  • 7.9k+

ABŞ-da öý şertlerinde deriniň rak keselini anyklap bilýän mikro iňňeli silikon plastyr işlenip taýýarlandy. Bu barada Biosensors we Bioelektronika ylmy žurnalynda habar berildi.

Enjam syçanlarda we doňuzlarda geçirilen synaglardan üstünlikli geçip, melanomany howply däl çişlerden tapawutlandyrmaga ukyplydygyny görkezdi.
Plastyr ýyldyz şekilli mikro iňňeli silikon esasdan ybarat. Iňňeleriň uzynlygy 0,6 mm we ini 0,01 mm-den hem kiçi. Olaryň uçlary DNK-nyň we RNK-nyň böleklerini saklaýan mikroskopik köpürjikler bolan ekzosomalary çykarýan gel bilen örtülendir. Bu gurluşlar heniz biopsiýa edilmänkä ýa-da gan barlagy geçirilmänkä çişiň bardygyny görkezip biler.
Awtorlaryň sözlerine görä, plastyryň iňňeleri agyry döretmeýär we deriniň ýokarky gatlagyndan aşak çümmeýär. Ulanylandan soň, plastyry deriden aýyrmaly we ýörite kislota çümdürmeli, şonda gel hem, ekzosomalar hem ergine öwrülýär. Soňra emele gelen nusga synag zolajygyny çümdürmeli: eger suwuklykda melanomanyň ekzosomalary bar bolsa, zolakda iki setir peýda bolar, ýogsamam - biri. Bu mehanizm COVID-19 üçin niýetlenen çalt synagyň işleýşine meňzeş.
Işläp taýýarlama Miçigan uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan döredildi. Indiki tapgyrda adamlarda synag geçiriler. Synag şowly bolan ýagdaýynda plastyr erkin satuwa çykarylar.
Şeýle hem, alymlar tehnologiýany rak keseliniň beýleki - öýkeniň, süýt mäzleriniň, içegäniň, beýniniň we peşew mäziniň rak keselleri ýaly görnüşlerini tapmak üçin uýgunlaşdyrmagy meýilleşdirýärler.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....