Dewid Kemeron Merkezi Aziýa saparynyň çäklerinde Türkmenistana geler

  • 23.04.2024 11:54
  • 16k+

Beýik Britaniýanyň daşary işler we halkara ösüş ministri Dewid Kemeron Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparlarynyň çäklerinde ilkinji gezek Türkmenistana geler diýip, Independent britan neşiri ýazýar.

Britaniýanyň Forin-ofisiniň ýolbaşçysy eýýäm Täjigistana we Gyrgyzystana baryp gördi, indi Özbegistana, Türkmenistana, Gazagystana we Mongoliýa saparlar meýilleşdirildi.
Dewid Kemeron Beýik Britaniýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda, howpsuzlyk we ekologiýa ulgamynda gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen bu ýurtlara sapar amala aşyrýar.
Agzalyp geçilen ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy barada ol duşenbe güni Duşenbede Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygynda belledi.
Hususan-da, britan diplomaty Beýik Britaniýanyň Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary bilen "gatnaşyklarynyň täze eýýamyny kesgitlemegi" meýilleşdirýändigini nygtady.

«Siziň ýurduňyza gelen ilkinji daşary işler ministri bolandygyma begenýärin. Munuň üçin şeýle köp wagt gerek bolandygyna welin, gynanýaryn" diýip, Kemeron Täjigistanyň Baştutany bilen duşuşygynda belledi.

Duşenbede britan diplomaty şeýle hem Täjigistanyň daşary işler ministri bilen hem duşuşdy.
22-nji aprelde Kemeron Gyrgyzystana bardy. Ol ýerde Prezident Sadyr Japarow we premýer ministr Akylbek Japarow bilen gepleşikleri geçirdi.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......