Pakistan TOPH taslamasynyň 2024-nji ýylyň 2-nji çärýeginde makullanmagyna garaşýar

  • 22.04.2024 21:22
  • 12k+

Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşyjylaryň biri bolan Pakistan 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň ahyryna çenli taslamanyň gutarnykly makullamanmagyna garaşýar. Munuň özi ýurtda gaza bolan islegi kanagatlandyrmakda möhüm orun eýelejek gazgeçirijiniň gurluşygyna girişmäge mümkinçilik berer. 

Şeýle beýan bilen Pakistanyň Energetika ministrliginiň nebit bölüminiň howandarlygynda iş alyp barýan we gaz pudagynda strategiki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen meşgullanýan «Inter State Gas Systems» kompaniýasy çykyş etdi. Muny Nebit-Gaz elektron gazeti habar berýär.
S&P Global-yň hasabatyna laýyklykda, Pakistanda gaz ýetmezçiligine gözegçilik edilýär, çünki islegiň möçberi önümçiligiň möçberinden artyk gelýär.
Her ýylda Türkmenistandan 33 mlrd kub metr gazy Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana iberjek TOPH gaz geçirijisi 2030-njy ýyla çenli Pakistanyň energetika zerurlyklarynyň 50%-ini üpjün edip biler.
Garaşylyşy ýaly, TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi uglerod zyňyndylaryny azaldar we Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmekde ädim bolar.  

«TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow 24-nji aprelde Parižde Türkmen energetika maýa goýum forumynda energetika geçiş şertlerinde tebigy gazyň çykarylyşynyň geljegine bagyşlap çykyş etmegi meýilleşdirýär.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......