Samyr dişleriniň berkliginiň syrynyň açylmagy adam dişlerini berkitmäge kömek eder

  • 22.04.2024 15:28
  • 21k+

Amerikanyň himiýa jemgyýetiniň (ACS) alymlary samyrlaryň,  belkalaryň, suroklaryň, alakalaryň we beýleki gemrijileriň dişleriniň näme üçin berk bolýandygynyň syryny açdylar.

Görlüp oturylsa, bu haýwanlaryň dişleriniň syrçasynda ferrigidrite meňzeş demre baý madda bilen doldurylan nanometr jübüleri bar eken. Bu gurluş dişleri diýseň berk edip, gemrijilere gaty agajy dynuwsyz çeýnemäge mümkinçilik berýär.
Gözlegçiler atom derejesinde gemrijileriň ýedi görnüşiniň dişleriniň syrçasynyň düzümini seljermek bilen, demre baý gatlagyň galyňlygynyň görnüşlere görä üýtgeýändigini anykladylar: syçanlaryňky iň ýukasy, nutriýalaryňky bolsa iň galyňy eken.
Alymlar bu açyşyň adamyň dişleriniň syrçasyny güýçlendirmek, şeýle hem dişleri  bejermegiň usullaryny gowulandyrmak üçin täze reňksiz serişdeleri ösdürmegiň esasy bolup biljekdigine ynanýarlar.
Gemrijileriň dişleriniň mämişi-goňur reňkiniň demriň düzümi bilen baglanyşykly däldigini bellemek gerek. Ol hoşboý aminokislotalardan we organiki däl minerallardan ybarat ýuka üstki gatlak bilen baglydyr.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....