“Kalmar oýnunyň”  ikinji möwsümi ýylyň ahyryna çenli çykar

  • 22.04.2024 13:09
  • 6.5k+

Netflix akym hyzmaty şu ýyla meýilleşdirilýän öz meşhur seriallarynyň dowamynyň relizini yglan etdi. Hususan-da, platformanyň başlygy Ted Sarandos Günorta Koreýanyň “Kalmar oýny” dramasynyň köpden bäri garaşylýan ikinji möwsüminiň 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda başlajakdygyny aýtdy diýip, THR ýazýar.

“Kalmar oýnunyň” 2021-nji ýylyň güýzünde çykandygyny we Netflix-iň taryhynda iň meşhur tomaşa bolandygyny ýatladýarys. Bu tomaşa uly pul baýragy üçin ölüm howply oýunlara gatnaşýan adamlar topary hakda gürrüň berýär.
2023-nji ýylda serialyň şowly bolmagyndan soň Netflix “Kalmar oýny: Çagyryş” reality-tomaşany çykardy.
Şeýle hem, Netflix 2024-nji ýylyň ahyryna çenli “Pariždäki Emili”, “Kobra Kaý”, “Gijeki agent” we “Monster” ýaly seriýalarynyň täze möwsümleri bilen janköýerleri begendirer.


27.06.2026 11:31
2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....