NASA Saturnyň hemrasy Titan-a Dragonfly missiýasynyň ugradylmagyny makullady

  • 21.04.2024 11:03
  • 6.2k+

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň gözlegleri dolandyryş gullugy (NASA) Saturnyň iň uly hemrasy bolan Titana Dragonfly missiýasynyň ugradylmagyny tassyklady diýip, Naked Science habar berýär.

Pilotsyz dikuçar görnüşindäki bu enjam dykyz atmosfera we uglewodorod gorlaryna baý bu asman jisiminden ýaşaýyş alamatlaryny gözlär.
Ilkibaşda Dragonfly-y 2026-njy ýylda uçurmak meýilleşdirilipdi, ýöne COVID-19 pandemiýasy we çykdajylaryň aşa köp bolmagy sebäpli yza süýşürildi. Uçuryşy amala aşyrmak indi 2028-nji ýylyň iýulynda meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda inženerler enjamyň taslamasyny tamamlap barýarlar, şondan soň ylmy gurallary gurarlar we synagdan geçirerler.
Dragonfly (“Teneçir”) sekiz rotor bilen enjamlaşdyrylan we uly kwadrokoptere  meňzeýär. Ol 2034-nji ýylda Titan-a gonar we birnäçe ýyllap hemranyň üstüni, atmosferasyny we ýerasty ummanlaryny öwrener. Alymlar durmuşyň esasy gurluşyk bölegi bolup biljek çylşyrymly organiki molekulalaryň tapylmagyna örän uly gyzyklanma bildirýärler.
Gonmak üçin Şangri-La sebiti saýlandy. Ol ýer Titanyň ekwator zolagyndadaky, hemranyň atmosferasyndan çöken çylşyrymly uglewodorod zerrelerinden ybarat çäge aňňatlary bilen örtülen giň düzlük.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....