Apple Hytaýda App Store-dan WhatsApp we Threads programmalaryny aýyrdy

  • 20.04.2024 20:19
  • 4.7k+

Apple kompaniýasy Hytaýda häkimiýetleriň tabşyrygy boýunça App Store programmalar dükanyndan Meta korporasiýasyna degişli bolan WhatsApp messenjerini we Threads hyzmatyny aýyrdy. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, RBK habar berýär.

Korporasiýanyň Facebook, Instagram we Messenger ýaly beýleki önümleri heniz ýükläp almak üçin elýeterli bolmagynda galýar.

“Hytaýyň kiber-giňişligini düzgünleşdirijisi milli howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen hytaý dükanyndan bu programmalary aýyrmagy tabşyrdy” diýlip, Apple-iň beýanynda aýdylýar. Şeýle-de, korporasiýanyň “nirede işleýän bolsa, şol ýurduň kanunlaryna, eger ylalaşmasa-da, boýun egmäge borçludygy” bellenilýär.


18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....