Buza dönen “ýürek ". Plutondaky syrly sebitiň gelip çykyşynyň syry açyldy

  • 20.04.2024 16:20
  • 6.2k+

Alymlar Plutonyň üstündäki ýürek şekilli näbelli sebitiň syryny açdylar – ol Tombo sebiti (Tombaugh Regio) diýen at bilen mälim. Gözlegiň netijeleri Nature Astronomy žurnalynda çap edildi.

Onuň adaty bolmadyk şekiliniň gurluşy 2015-nji ýylda NASA-nyň “New Horizons” awtomatiki planetaara stansiýasy tarapyndan açyldy - şondan bäri bu geologiki emele geliş gözlegçileriň arasynda köp sorag döretdi.
Indi halkara alymlar topary “ýüregiň” Plutonyň taryhynda takmynan 730 km diametri bolan buz jisimi bilen ägirt çaknyşygyň netijesinde emele gelendigini anyklady.
Çaknyşyk özünden soň azot buzy bilen doldurylan uzyn krateri galdyryp, kütek burçly bilen uruldy. Bu diňe bir “ýüregiň” görnüşini däl, eýsem onuň ýagtyny serpikdiriş ukybyny hem düşündirýär. Azot buzlary pes ýerlerde ýygnanýar we Plutonyň galan böleklerinden has ýagty üstki tekizligi döredýär.
2006-njy ýyla çenli Pluton tä owunjak planetalarynyň kategoriýasyna geçirilýänçä, onuň Gün ulgamynda doly bahaly planeta hasaplanyp gelnendigini ýatladýarys. Häzirki wagtda planetalaryň sany resmi taýdan sekizdir.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....