Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň täze edara binasyny gurmak meýilleşdirilýär

  • 20.04.2024 12:55
  • 13k+

"Türkmenaragatnaşyk" agentligi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Hususan-da, wise-premýer taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, pudagyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany aragatnaşyk pudagyna degişli netijeli işleriň alnyp barylmagynyň ýokary hilli hyzmatlary has-da döwrebap ýola goýmaga öz täsirini ýetirjekdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....