Türkmenistanda şahsy taraplar üçin “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlary ulanyşa giriziler

  • 19.04.2024 21:18
  • 13k+

Türkmenistanda şahsy taraplar üçin  niýetlenen “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlaryny ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan bu ulgamlaryň mümkinçilikleri barada wise-premýer H.Geldimyradow 19-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer mejlisiň barşynda karz edaralarynyň hasaplaşyklar-töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda menzilara ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Şunuň bilen baglylykda, “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlaryny ulanyşa girizmek barada teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny nygtap, hödürlenen teklibi goldady hem-de wise-premýere «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň şahsy taraplar üçin niýetlenen döwrebap bank hyzmatlarynyň ulgamlaryny ulanyşa girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.5k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......