IDC: 2024-nji ýylda Android smartfonlarynyň satuwy iPhone-dan iki esse çalt öser

  • 19.04.2024 18:06
  • 5.9k+

Android smartfonlaryň satuwy 2024-nji ýylda iPhone-yň satuwyndan has çalt öser. Bu barada CNN teleýaýlymy halkara maglumat korporasiýasynyň (IDC) maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Gözleg firmasynyň hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, Android enjamlarynyň ýerlenilmegi Apple smartfonlarynyň ýerlenilmeginden takmynan iki esse çalt öser. Hytaýyň bazary bu ösüşiň esasy sebäpleriniň biri hökmünde görkezildi.
IDC-de Hytaýyň Tim Kukuň kompaniýasy üçin diýseň möhüm sebit bolup galýandygyny bellediler – Apple mahabat we arzanladyşlar arkaly satuwy artdyrmaga synanyşýar. Şeýle-de bolsa, ýerli sarp edijileriň köpüsi milli brendlere – Huawei, Xiaomi, Oppo we başgalara has köp üns berip başladylar. Şol sebäpli Hytaýda iPhone-yň satuwy çöküp biler.
Şeýle hem Apple heniz emeli eň (AI) hyzmatlaryny öz enjamlaryna hiç hili birikdirmändigi üçin öňdebaryjy smartfon öndürijilerinden tapawutlanýar. «Iýun aýynda geçiriljek işläp düzüjileriň maslahatynda bu barada käbir habarlary eşitmegi umyt edýäris» diýip, IDC-niň barlaglar boýunça direktory Nabila Popal belledi.


27.05.2026 15:34
2.6k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.6k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......