BSGG Türkmenistan bilen saglygy goraýyşda maglumat ulgamyny sanlylaşdyrmak tejribesini paýlaşýar

  • 19.04.2024 14:54
  • 3.3k+

Türkmenistanda saglygy goraýyş maglumat ulgamyny sanlylaşdyrmak maksady bilen, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hasabat görnüşlerinde maglumat ýygnamagyny seljermek üçin gurallaryny hödürleýän okuwy başlandy.

Çäreler BSGG-niň Türkmenistandaky bölümi tarapyndan geçirilýär. Bu okuwyň tälimçileri BSGG-niň Gazagystandaky bölüminiň saglyk ulgamyny sanlylaşdyrmak edarasynyň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş we jemgyýetçilik ösüşi ministrliginiň saglyk ulgamyny maglumatlaşdyrmak we guramak boýunça Merkezi ylmy-barlag institutynyň hünärmenleridir.
Okuwa gatnaşyjylar saglyk ulgamynda maglumatlary dolandyrmagyň netijeliligini, takyklygyny we sanlylaşdyrylmagy ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy tejribäni we innowasiýa çemeleşmelerini öwrenerler diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Saglyk maglumatlarynyň ýokary hilli we öz wagtynda elýeterliligi milli saglyk ulgamynyň möhüm bölegi bolup, çalt we düýpli çözgüt tapmak üçin möhümdir.


26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......