Alymlar tötänden eşegarylaryň bir hepde suwuň aşagynda ýaşap biljekdigini anykladylar

  • 22.04.2024 12:46
  • 7.6k+

Kanadaly biologlar eşegarylaryň diapauza (gyş ukusyna gitmek) ýagdaýynda suwa diýseň durnuklydygyny tötänden ýüze çykardylar. Bu barada Naked Science-de çap edilen makalada aýdylýar.

Guelf uniwersitetinden Sabrina Rondonyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary tarapyndan geçirilen synag Bombus impatiens ene eşegarynyň, ýaşaýyş ukybyna zyýan ýetirmezden, ýedi güne çenli suwuň aşagynda ýaşap biljekdigini görkezdi.
Ene eşegarylar jübütleşenden soň, ýerde kiçeňräk höwürtgeleri (15 santimetr çuňlukda) gazýarlar we “gyşlamak üçin” şol ýere girýärler. Olaryň diapauzasy käwagt alty aýdan dokuz aýa çenli dowam edýär. Ene şmeller tohumynda gyşdan aman galýan ýeke-täk görnüşdir, garry ene eşegarylar, işçi eşegarylar we erkek eşegarylar heniz güýzdekä ölýärler. Şeýdip ýer astynda “gyşlamak” mör-möjeklere sowukdan gutulmaga kömek etse-de, olar parazitler, heň-zeýler, topragyň we ýerasty suwlaryň hapalanmagy ýaly dürli ýaramaz faktorlara sezewar bolýarlar.
Synag wagtynda Rondo tötänden dört sany ene Bombus impatiens-iň gyşlap ýatan turbasyna suw gidirdi. Birnäçe günden soň, alym ýalňyşlyk goýberendigine göz ýetirip, turbanyň  suwuny dökende mör-möjekleriň diri galandygyna geň galdy.
Bütin dünýäde eşegarylaryň sanynyň azalýandygyny göz öňünde tutsaň, bu açyş wajyp tozanladyjylaryň aşa kyn şertlere ozal pikir edilişinden has çydamly bolup biljekdigine umyt döredýär.
Eşegarylar, esasanam, demirgazyk sebitlerde köp ösümlikleriň tozanlanmagynda möhüm rol oýnaýar.


17.06.2026 10:34
1.9k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......