Alymlar plazma arkaly döwükleri bejermegi öwrendiler

  • 19.04.2024 15:06
  • 6.9k+

Osaka uniwersitetiniň alymlary plazma şöhlelenmesi arkaly süňk döwükleriniň çalt bejerilmegine mümkinçilik berýän usul döretdiler.

Hünärmenler tehnologiýany aýaklary döwülen laboratoriýa alakalarynda synagdan geçirdiler. Döwük iki görnüşde ýagny, adaty we süňküň süýşýän has agyr görnüşindedi. Käbir haýwanlaryň süňküniň döwlen ýeri bir atmosfera basyşy astynda sowuk plazma sezewar edildi.
Synag wagtynda 5-15 sekundyň dowamynda plazma şöhlelenmesiniň preosteoblastlaryň osteoblastlara öwrülmegine jogap berýän belogyň işjeňligini ýokarlandyrýandygy ýüze çykaryldy – bular öýjükli maddalaryň sintezine gatnaşýan ýaş süňk dokuma öýjükleridir.
Alymlar döreden usulynyň döwük-ýenjigi bolan näsaglary çalt bejermäge we adamlary adaty durmuşa dolandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar diýlip, PLOS One ylmy žurnalynda bellenilýär.


şu gün 10:53
1.1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....