Alymlar kofeniň ilki dörän ýerini tapdylar. Arabika 350-600 müň ýyl ozal Ýemende peýda bolupdyr

  • 18.04.2024 14:07
  • 9k+

Genetikler dünýäde kofeniň meşhur görnüşi bolan arabikanyň 350-600 müň ýyl ozal Ýer ýüzünde peýda bolandygyny anykladylar. Bu barada Buffalo şäherindäki Amerikan uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.

Bu açyş iki görnüşli kofe agajynyň gibridi bolan arabikanyň doly genomyny kesgitlemek arkaly mümkin boldy.
Halkara genetikler topary arabikanyň ösdürilip ýetişdirilýän 39 görnüşiniň, Gündogar Afrikada ösýän 17 ýabany garyndaş-görnüşiniň DNK-syny seljerdi we 1737-nji ýylda şwesiýaly alym Karl Linneý tarapyndan kofe agaçlarynyň ilkinji ylmy beýanynyň genini dikeltdi.
Olaryň deňeşdirme seljermesi arabikany döreden çaknyşmanyň adam gatnaşmazdan ýüze çykandygyny görkezdi. Bu kofe agaçlarynyň gibrid görnüşiniň ösdürilip ýetişdirilmeginden has öň we, hatda Homo sapiens peýda bolmanka ýüze çykandygyny aňladýar.
Şeýle hem alymlar arabikanyň häzirki zaman görnüşleriniň ata-babalarynyň başda Efiopiýada däl-de, eýsem Ýemende we Bab-el-Mandeb bogazynyň Afrika kenarlarynda ösendigini anykladylar.

 “Bu umuman XVII asyryň hindi ýyl ýazgyçylarynyň kofeniň Hindistana nädip getirilendigi we onuň bütin dünýäde ýaýramagy barada beýan edenlerine gabat gelýär” diýip, gözlegçiler bellediler.

Bu agzalan gözlegler arabikanyň howanyň üýtgemegine has çydamly täze görnüşleriniň seçgisi üçin möhüm ähmiýete eýedir.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....