JAXA we Toyota Aýda skafandyrsyz sürmek üçin Aý "furgonyny" döredýärler

  • 17.04.2024 12:48
  • 4.2k+

Ýaponiýanyň aerokosmiki gullugy (JAXA) we Toyota kompaniýasynyň inženerleri Aý gözlegleri üçin wezdehod çykarmagyň üstünde işleýärler. Haýtek-iň habar bermegine görä, bilelikde çykaryljak germetiki wezdehod astronawtlara Ýeriň tebigy hemrasynyň üstünde 30 güne çenli skafandrsyz gezmäge mümkinçilik berer.

Iki adamlyk wezdehod wodorod ýangyç elementi, Gün panelleri we suwy dikeldiş ulgamy bilen üpjün ediler. Bu salonda howany dem almak üçin ýaramly görnüşde  saklap, uzak wagtlap awtonom işlemäge mümkinçilik berer. Ekipaž bolmadyk halatynda hem Aý roweri gözleglerini dowam etdirip, awtomatiki usulda işlär.
Aý furgonyny 2031-nji ýylda “Artemida VII” missiýasynyň çäginde Aýa eltmek meýilleşdirilýär. Ol Aýyň suwly buz ýataklary bar diýlip çaklanylýan günorta polýusyny öwrenmekde ulanylar. Wezdehodyň çak edilýän ýöreýiş ätiýaçlygy  azyndan 10,000 km.
JAXA bilen Toyota-nyň arasyndaky şertnama ýapon astronawtlarynyň Artemida maksatnamasyna gatnaşmagyny hem göz öňünde tutýar. Ilkinji ýapon astronawty NASA-nyň Aýyň daşyndaky orbitada ýerleşdirmegi meýilleşdirýän “Gateway” orbital stansiýasyna uçar, galan ikisi bolsa missiýanyň çäginde Aýyň üstüne aýak basan ilkinji amerikaly däl astronawtlar bolar.
Wezdehody işläp taýýarlamak işi 2019-njy ýylda başlandy. Geçen ýyl kiçeldilen prototipi görkezildi we häzirki wagtda bolsa uzynlygy 6 metr we ini 5,2 metr bolan doly göwrümli prototipi işlenip düzülýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.7k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....