300 ýaşly adamda ýüňden we metaldan ýasalan protez tapyldy

  • 17.04.2024 12:40
  • 18k+

Krakowda (Polşa) arheologlar özboluşly bir artefakt - XVIII asyryň ýüňden we metaldan ýasalan protezini tapdylar. Enjam towşan dodak adama has rahat ýaşamaga kömek edipdir. Bu barada “Haýtek” neşiri belläp geçýär.

Protez 2017-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri wagtynda Krakowdaky Keramatly Fransis kilisesindäki guburdan tapyldy. Ol takmynan 50 ýaşynda ölen adamyň äňleriniň arasynda ýerleşýärdi.
Towşan dodak diýlip hem atlandyrylýan taňlaý şikesi düwünçejigiň ösüşi wagtynda taňlaýyň ýa-da ýokarky äňiň ösmän galmagy netijesinde ýüze çykýan dogabitdi kemçilikdir. Häzirki wagtda bu ýagdaýy operasiýa arkaly üstünlikli düzedip bolýar. Emma 300 ýyl mundan ozal ýaşan adam beýle kömegi alyp bilmändir.
Gözlegçileriň palatal obturator diýip atlandyrýan tapyndy protezi demir plastinka tikilen ýüň gatlakdan durýar. Onuň uzynlygy 3,1 sm, agramy 5,5 gr. Geçirilen derňew metalda altynyň we misiň bardygyny görkezdi.
Gözlegiň netijeleri Journal of Archaeological Science: Reports žurnalynda çap edildi.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....