Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen möwsümleýin işleri maslahatlaşdy

  • 16.04.2024 07:43
  • 10k+

15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, şu günler ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edip, bu möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin şu günler welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi, olara ideg etmek işleri alnyp barylýar. Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynda pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda bolsa ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.
Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......