Margo Robbi “Monopoliýa” oýnunyň ekranlaşdyrylyşyna prodýuserlik eder

  • 13.04.2024 14:03
  • 3.9k+

Stoluň üstünde oýnalýan meşhur “Monopoliýa” oýny filme öwrüler. Taslama Margo Robbi prodýuserlik eder diýip, Variety habar berýär.

Filmiň uýgunlaşmagy Lionsgate studiýasy tarapyndan paýlanar. Robbi LuckyChap Entertainment kompaniýasyndaky hyzmatdaşlary Tom Akerli we Jozi MakNamara bilen taslamanyň üstünde işlär.
Geljekki filmiň sýužeti entek aýan edilmedi. Lionsgate-niň prezidenti Adam Fogelson LuckyChap-yň film babatda “aýdyň göz öňüne getirmesiniň” bardygyny aýtdy.
Monopoliýa ilkinji gezek 1935-nji ýylda çykarylan, stoluň üstünde oýnalýan  strategiki-ykdysady oýundyr. Oýna bolan hukuklar häzirki wagtda Hasbro kompaniýasyna degişlidir.
Mundan öňem “Monopoliýany” surata düşürmäge synanyşyklar edilipdi. 2018-nji ýylda filmde baş keşbi Kewin Hartyň ýerine ýetirip biljekdigi habar berlipdi.
Golaýda Robbiniň “Barbie” filmini surata düşürendigi üçin Oskar baýragyny alandygyny ýatladýarys. Greta Gerwigiň filmi 2023-nji ýylda iň köp girdeji gazanan film bolup, dünýä kassa ýygymynda 1,4 milliard dollar toplady. Mundan başga-da, öň Robbiniň “Sims” oýnunyň film uýgunlaşmasyna prodýuserlik edýändigi habar berlipdi.


şu gün 11:31
366

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....