Fransiýaly pianinoçy Joanna Gudal Türkmenistanyň 4 şäherinde konsert berer

  • 11.04.2024 18:08
  • 12k+

Fransiýaly pianinoçy Joanna Gudal gastrol syýahatyny Türkmenistanda konsert bilen açar. Aşgabatdaky Fransuz institutynyň habar bermegine görä, gastrolyň çäklerinde Gudal Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň 9 şäherinde konsert bermegi meýilleşdirýär.

“Barokko-Bagşy” adyny alan döredijilik taslamasynda pianinoçy nusgawy aýdym-saz söýüjilerine barokko eýýamynyň fransiýaly kompozitory Žan-Filipp Ramonyň (1683-1764) döredijiligi bilen Beýik Ýüpek ýolunyň mukamlarynyň arasyndaky dialogy hödürlär.
Aşgabatda “Barokko-Bagşy” konserti 13-nji aprelde Mukamlar köşgünde geçiriler. Gudal halk sazandalary we Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde çykyş eder.
Petekleri şu telefon belgileri arkaly satyn alyp bilersiňiz: 223898 / 514157+993 63 467177 / +993 64 037456
Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde konsert solo görnüşinde bolar.
Giriş mugt.

  • Daşoguzda konsert 15-nji aprelde N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçiriler.
  • Türkmenabatda 25-nji aprelde S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçer.
  • Maryda bolsa 27-nji aprelde Döwlet sazly drama teatrynda geçiriler.

düýn 23:47
2.3k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 00:03
3.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.9k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 19:11
6.1k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....