Redmi Pad Pro planşeti we onuň Garri Potteriň muşdaklary üçin ýörite görnüşi hödürlendi

  • 11.04.2024 18:01
  • 5.9k+

10-njy aprelde Redmi kompaniýasy “Kiçijik Tornado” diýlip atlandyrylan Turbo 3 smartfonyndan başga-da, täze arzan Redmi Pad Pro planşetini hödürledi.

Ol 2,5K durulykly we 120 Gs täzelenme ýygylykly 12,1 dýuýmlyk ekrana, şeýle-de 10 000 mAs sygymly akkumulýatora eýe boldy. Planşet Qualcomm Snapdragon 7s Gen 2 prosessory bilen işleýär we üç görnüşde elýeterlidir: 6/128 GB - $210, 8/128 GB - $220 we 8/256 GB - $250.
Planşetiň üpjünçilik toplumyna 40 dollara satyn alyp boljak 4096 basyş derejesi bilen stilus we klawiatura-daşlyk girýär.


Şeýle-de, Redmi “Garri Potter” älemine bagyşlanan çäkli Redmi Pad Pro Harry Potter Edition planşetini hödürledi. Tematiki dizaýndan başga-da, planşet gorag daşlygy we taýajyk görnüşindäki stilus bilen topluma girýär.
Redmi Pad Pro Harry Potter Edition 315 dollara 16/512 GB görnüşde elýeterli bolar. Gurluşlaryň satuwy 15-nji aprelde başlar.


03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.6k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.4k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...

14.02.2026 14:21
1k+

Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar...