“Kiçijik tüweleý” adyny alan täze Redmi Turbo 3 smartfony hödürlendi

  • 11.04.2024 17:56
  • 11k+

Redmi Turbo 3 smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşy geçirildi. Smartfon Hytaýda Redmi brendiniň täze ýolbaşçysy Wan Teng tarapyndan hödürlendi. Xiaomi-niň ýolbaşçysy Leý Szýun smartfon satuwy boýunça meýilnama ýerine ýetirilen halatynda oňa Xiaomi SU7 sowgat bermegi wada berdi, şonuň üçin bu tanyşdyrylyş subbrendiň täze ýolbaşçysy üçin özboluşly bir synag boldy.

Ixbt.com portalynyň habar berşi ýaly, kompaniýa ilkibaşda täze smartfony Redmi Note 13 Turbo ady bilen çykarmakçydy, ýöne bu model bilen Redmi Note 12 Turbo-nyň arasyndaky tapawudyň düýpli bolandygy sebäpli, kompaniýanyň marketologlary rebrending geçirmek kararyna geldiler we hatda Turbo 3 üçin alternatiw at – “Kiçijik Tornado” adyny oýlap tapdylar.

Redmi Turbo 3-üň esasy aýratynlyklary:

  • ·Prosessor: Snapdragon 8s Gen 3;
  • ·Ekran: OLED, 6,67'', 1.5K, 120 Gs;
  • ·Ýat: 12/16 GB operatiw, 256/512 GB/1 TB hemişelik;
  • ·Kamera: 50 Mp (Sony LYT-600) + 8 Mp (Sony IMX355) we frontal kamera: 20 Mp (OmniVision OV20B);
  • ·Akkumulýator: 5000 mAs, 90 Wt çalt zarýad beriş;
  • ·Goşmaça: IP64 goragy, NFC, stereodinamikalar, ekranasty barmak yzyny skanerleýji.

12/256 GB wersiýasy üçin baha $265, 12/512 GB - $320, 16/512 GB - $345, 16 GB/1 TB - $390.
Ýatlap geçsek, öň biz Garri Potteriň muşdaklary üçin ýörite çäkli Redmi Turbo 3 Harry Potter Edition görnüşi barada habar beripdik. Bu görnüş 370 dollara hödürlenýär.
Bellenilişi ýaly, başlangyç tapgyr deslapky sargytlaryň esasynda derrew satyldy. Kompaniýa satuwyň ilkinji gününde (15-nji aprel) bu model üçin gaýtadan sargyt resmileşdirip boljakdygyny tassyklady.


03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.6k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.4k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...

14.02.2026 14:21
1k+

Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar...