Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik badalga aldy

  • 11.04.2024 13:36
  • 3522
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik badalga aldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşige badalga berildi.

Bu barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölümi habar berdi.

Bäsleşik jemi 6 ugur boýunça, aşakda görkezilen seneleriň tertibi boýunça geçiriler:

1-nji ugur: Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika – 11.04.2024 ý.
2-nji ugur: Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika – 12.04.2024 ý.
3-nji ugur: Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary – 15.04.2024 ý.
4-nji ugur: – Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary – 16.04.2024 ý.
5-nji ugur: Innowasion ykdysadyýet – 17.04.2024 ý.
6-nji ugur: Ynsanperwer ylymlary – 18-19.04.2024 ý. 

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
44-88-55.


11.06.2024 12:10
6833

ÝHHG talyp hakly magistr maksatnamasyna ýazylyşygy yglan etdi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça talyp hakly magistr maksatnamasyna ikinji ýazylyşygy yglan etdi. Maksatnama Merkezi Aziýadan, Owganystandan we Mongoliýadan...

07.06.2024 22:55
11361

Hytaýda we Rumyniýada okamak isleýänleriň resminamalaryny kabul etmegiň möhleti uzaldyldy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine...

05.06.2024 19:30
15879

Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin resminalary kabul etmek dowam edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işini dowam edýär. Hytaý Halk Respublikasynyň...

05.06.2024 19:23
10074

Rumyniýada okamaga isleg bildirýänleriň resminalaryny kabul etmek dowam edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işini dowam edýär. Bu barada Magtymguly adyndaky...