Amerikaly alymlar täze bagry gönüden-göni näsagyň içinde ösdürip başladylar

  • 10.04.2024 22:50
  • 14k+

Amerikan biotehnologiýa kompaniýasy LyGenesis adam bedeniniň içinde bagyr ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýän synag terapiýasynyň ikinji tapgyrynyň başlanandygyny habar berdi. Bu barada “New Scientist” neşiri ýazýar.

Serişde adaty transplantasiýa üçin ýaramsyz bolan donor bagryndan döredilýär. Organdan gepatositler diýlip atlandyrylýan öýjükler alynýar, olardan ergin edilýär we hassanyň limfatik düwünlerine goýberilýär.
Bagryň öýjükleri gan aýlanyş ulgamy bilen birleşip, ösüp we bölünip başlaýar. Netijede, limfatik düwün ýuwaş-ýuwaşdan transplantasiýa geçirilýänçä esasy organyň wagtlaýyn ornuny tutup biljek işleýän kiçi bagra öwrülýär.
Alymlaryň hasaplamalaryna görä, her ýyl täze bagra garaşýan adamlaryň, takmynan, 17%-i aradan çykýar.
Usul haýwanlardaky synaglarda üstünlikli boldy. Adamlardaky tejribelere organy dikeldip bolmaýan bagyr keseli bolan 12 hassany çekmek meýilleşdirilýär.


düýn 10:01
3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......