Haýao Miýadzakiniň “Oglan we guş” multfilmi dünýä prokatynda 200 mln dollardan gowrak girdeji ýygnady

  • 09.04.2024 13:55
  • 4.1k+

Haýao Miýadzakiniň “Oglan we guş” multfilmi dünýä prokatynda resmi taýdan 200 mln dollardan gowrak girdeji ýygnady. Bu kartinanyň Hytaýdaky rekord görkezijileri – ilkinji uik-endde 73 mln dollar gazanmagy bilen mümkin boldy. Bu barada film.ru belleýär.

Hytaý multfilmi görkezýän soňky sebit boldy. Ilkinji bäş günde taslama Ýaponiýadaky (60,7 mln dollar) we Demirgazyk Amerikadaky (46 mln dollar) görkezijilerinden geçmegi başardy. Umumy mukdar 273,1 mln dollar boldy. Bu Miýadzakiniň karýerasynda “Ruhlar bilen äkidilen” multfilminden (357,5 mln dollar) soň ikinji iň girdejili filmdir.
“Oglan we guş” iýul aýynda ilkinji gezek hödürlendi. Ol Ikinji jahan urşunda ejesini ýitirýän ýetginjek Mahito barada gürrüň berýär. Kakasynyň ýanyna göçüp gelenden soň, gahryman jadyly bir galany tapýar, bu ýerde onuň ejesi henizem diri. Multfilm “Oskar”, “Altyn globus” we BAFTA baýraklaryny aldy.


düýn 11:31
2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....