Ýer togalagyndaky iň arassa howaly ýer anyklanyldy

  • 09.04.2024 05:22
  • 15k+

Awstraliýadaky Monaş uniwersitetiniň alymlary Ýerdäki iň arassa howanyň Antarktidanyň kenarlaryny ýuwýan Günorta ummanyň üstündäki atmosferadadygyny anykladylar. Bu barada Сlimate and Atmospheric Science (CAS) žurnalynda çap edilen gözlegde aýdylýar.

Hünärmenler hemra arkaly alnan atmosfera görkezijilerini seljerenden soň şeýle netijä geldiler.
Bu sebitdäki howanyň arassa bolmagy üç faktor bilen baglanyşykly:

  • Bu ýerde adam işjeňliginiň bolmazlygy;
  • Atmosferadaky kömürturşy gazyny we beýleki hapalaýjy maddalary özüne siňdirýän fitoplanktonyň işjeňligi;
  • Aerozol bölejiklerini howadan ýuwup aýyrýan güýçli ýagyşlaryň we garyň ýagmagy.

Günorta ummany Ýer togalagynyň iň bulutly ýeridir. Antarktidanyň üstündäki bulut örtügi üýtgeşik öýjükli gurluşa eýe. Şeýle öýjükleriň her biri dünýäniň beýleki ýerlerindäki bulutlardan alty esse köp ýagyş öndürip biler.
Alymlar bu faktorlary öwrenmekligiň ýagşyň tozany we beýleki hapalaýjylary howadan nädip aýryp bilýändigine has gowy düşünmäge kömek etjekdigini aýdýarlar.


düýn 12:00
3.7k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......