Pompeýde Wezuwiý atylandan soň hem ýaşalandygynyň subutnamalary tapyldy

  • 11.08.2025 01:21
  • 11k+

Arheologlar b.e. öňki 79-njy ýylda Wezuwiniň atylmagy zerarly weýran bolan Pompeýde betbagtçylykdan soň hem ýaşaýyşyň gaýtadan dowam eden bolmagynyň mümkindigini görkezýän alamatlary tapdylar diýip, täze gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine salgylanýan ScienceAlert neşiri habar berýär.

Barlagçylar diri galanlaryň bir bölegi beýleki sebitlere göçüp bilmän, dogduk şäheriniň harabalyklaryna gaýdyp gelipdir diýip hasaplaýarlar. Olara gaçybatalga gözleýän ýa-da harabalyklaryň arasyndan gymmat bahaly zatlary tapmagy umyt eden beýleki adamlaryň hem goşulan bolmagy mümkin. Wulkan atylmazdan öň Pompeýde 20 000-den gowrak adam ýaşapdyr. Alymlaryň pikirine görä, bu betbagtçylykda ilatyň 15-20% -i, esasan, şäheriň asmany ägirt uly gaz we kül buludy bilen örtüleni  sebäpli yssy howadan heläk bolupdyr
Bu adamlar, ähtimal, özleriçe resmi däl şäherçäni döredip, ösen Rim şäherine häsiýetli şäher infrastrukturasynyň we hyzmatlarynyň ýok agyr şertlerinde ýaşapdyrlar. V asyrda bu sebit ahyrsoňy gutarnykly taşlanypdyr.

"Täze gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde indi göz öňüne getirmämiz has aýdyňlaşdy: 79-njy ýyldan soň Pompeý gaýtadan dikelýär, bu ýöne bir şäher bolman, eýsem bir wagtlar bolan Pompeýiň henizem göze ilýän harabalyklarynyň arasynda yraň atyp duran we çal üýşmegi, lager pisint bir zat bolýar" - diýip, Pompeýiň Arheologiki seýilgähiniň müdiri Gabriel Suhtrel gürrüň berýär.

Geň ýeri, şäheri heläk eden kül öýleri, öý goşlaryny we hatda adam galyndylaryny hem gaýym örtüp, olaryň gowy saklanyp galmagyna hyzmat edipdir. Häzirki wagtda Pompeý ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär we Italiýanyň Kolizeýden soň iň köp syýahata barylýan ýeridir. Geçen ýyl ol ýere takmynan 4,17 million adam geldi. Arheologiki ýadygärlik takmynan 22 gektar meýdany tutýar, onuň üçden bir bölegi henizem küle basyrynyp ýatyr.


düýn 11:37
4.4k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 11:21
3.2k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

düýn 10:36
1.8k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.4k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......