Alymlar: Durnuksyz iş tertibi 50 ýaşdan soň saglyga zyýan ýetirýär

  • 08.04.2024 15:56
  • 9.4k+

Nýu-Ýork uniwersitetiniň geçiren gözlegleri ýaşlyk ýyllarynda durnuksyz iş tertibinde zähmet çeken adamlaryň 50 ýaşdan soň depressiýa we ukusyzlyga duçar bolýandyklaryny we dürli keseller bilen göreşmekde has ejiz bolýandyklaryny anyklady diýip, TechInsider habar berýär .

Alymlar 50 ýaşdan uly 7 müňden gowrak adamyň ruhy ýagdaýyna we beden saglygyna baha berdiler.
Netijeler şu aşakdakylary görkezdi:

  • Gatnaşanlaryň 26% -i ýaşlyk döwründe adaty iş tertipde zähmet çekipdirler;
  • 35%-i – köplenç, kadaly iş tertibinde zähmet çekip, diňe käwagt işden soň galyp işläpdirler;
  • 17%-i - 20 ýaşynda adaty iş tertibine laýyk işläp başlanam bolsalar, soň  durnuksyz iş tertibine geçipdirler (agşam / gije çalşyklaryndaky iş, wagty kadalaşdyrylmadyk iş sagatlary);
  • 10%-i - gözleg döwründe işlemändirler.

Alymlar, esasanam, gözlege gatnaşanlaryň 17% -li toparynda alnan görkezijiler bilen gyzyklandylar. Durnuksyz iş tertibi bu topary kesellere durnuksyz etdi, umumy saglyklarynyň ýaramazlaşmagyna, ukylarynyň bozulmagyna, fiziki ýadawlyga we sussupeslige düşmeklerine sebäp boldy.
Gözlegçiler gözlegiň netijelerini iş bilen şahsy durmuşyň deňagramlylygyny saklamagyň möhümdiginiň ýene bir subutnamasy diýip atlandyrdylar.


şu gün 07:29
1.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.5k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......