Rafael Nadal Monte Karloda geçiriljek Masters ýaryşyndan çekildi

  • 06.04.2024 05:47
  • 2.4k+

Rafael Nadal Monte Karloda geçiriljek Masters ýaryşyna gatnaşmaz. Ispaniýaly tennisçi bu barada sosial ulgamlarda habar berdi.

«Bu ýaryşlary sypdyrmak meniň üçin nähili kyndygyny göz öňüne-de getirip bilmersiňiz... Bedenim maňa rugsat bermeýär» diýip, dünýäniň ozalky birinji raketkasy ýazdy.

Şeýle hem Nadal janköýerlere beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi we beýleki ýaryşlarda oýnamak üçin işlemegini dowam etdirjekdigini aýtdy.
Monte-Karloda geçiriljek ýaryş 7-nji aprelde başlar. Oýunlar toprak meýdançada geçiriler.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......