Dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy 114 ýaşynda aradan çykdy

  • 05.04.2024 18:05
  • 18k+

Dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy Huan Wisente Peres Mora 114 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi. Muny News18-e salgylanyp, RBK ýetirýär.

Peres Mora 1909-njy ýylyň 27-nji maýynda El-Kobre şäherinde dünýä indi. Ol on çaganyň dokuzynjysydy. Mora bäş ýaşynda kakasyna we doganlaryna şeker çiňrigini we kofe ýygnamaga kömek edip başlaýar. Soň ol şerif bolup, ýer we maşgala dawalarynyň çözülişine jogapkär bolýar.
Ýaponiýada hem ýurduň iň garry erkek ýaşaýjysy Gisaburo Sonobe ýogaldy. Kyodo agentligi onuň Giba prefekturasynda 112 ýaşynda aradan çykandygyny habar berdi. Ölümiň senesi we sebäbi onuň ýakynlarynyň islegi boýunça aýdyňlaşdyrylmaýar.
Bellenilişi ýaly, Ýerde häzirki ýaşaýanlardan iň garry adam diýlip Ispaniýanyň 117 ýaşly ýaşaýjysy Mariýa Branýas Morera ykrar edildi. Ol garrylar öýünde ýaşaýar. Ginnesiň rekordlar kitabyna Morera 2023-nji ýylda 118 ýaşly fransiýaly Lýusil Randon aradan çykandan soň girdi.
Ähli döwürleriň iň garry adamy 122 ýyl 164 gün ýaşan Žanna Luiza Kalman hasaplanýar. Ol barly buržuaz maşgalasyndan bolandygy sebäpli, işlemäge mätäç däldi. Ýaşlygynda Kalman tennis bilen meşgullandy, welosipedde we tigirçekli konkide aýlandy, suwda ýüzdi we fortepiano çaldy. Ol 85 ýaşynda gylyçlaşma bilen meşgullanyp başlady. Žanna Kalman 1997-nji ýylda “tebigy sebäplerden” aradan çykdy.


şu gün 00:07
1k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
795

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
1.7k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
1.1k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....