Iň gadymy parazit: 99 million ýyllyk ýantarda lenta gurçugy tapyldy

  • 05.04.2024 12:56
  • 9.8k+

Naked Science neşiriniň habaryna görä, paleontologlar Mýanmada tapylan 99 million ýyllyk ýantar daşyndan gurçugyň galyndylarynyň bardygyny ýüze çykardylar.

Geologiýa žurnalynda beýan edilen bu tapyndy lenta gurçugy diýlip atlandyrylýan sestodlaryň irki ewolýusiýasyna düşünmek üçin has gymmatlydyr. Olaryň iň azyndan iki hojaýyny öz içine alýan çylşyrymly durmuş aýlawy bar. Bu parazitleriň tapylan galyndylary dokumalarynyň ýumşakdygy we ýaşaýan ýerleriniň gizlinligi sebäpli gaty seýrek duş gelinýär. Lenta gurçugynyň iň gadymy tapyndy galyndylary permiýa döwrüniň akulasynyň koprolitinde tapylan ýumurtgadyr.
Uzynlygy 9,81 mm we ini 0,16 mm bolan parazitiň murty Mýanmanyň demirgazygyndaky kaçin ýa-da birma ýantarynda tapyldy. Saklanyp galan bölekler onuň Trypanorhyncha-yň (dörttumşuklylaryň) wekilidigine şaýatlyk edýär, olaryň deňiz oňurgasyzlarynyň we balyklaryň bedeninde parazit bolup ýaşaýandygyny, ýetişen döwründe bolsa akulalaryň we skatlaryň aşgazanlarynda we içegelerinde ýaşaýandygyny görkezýär.
Alymlar hojaýynyň, ýagny, megerem plastina žabraly balygyň, güýçli tolkunlar bilen ýa-da tupan wagtynda kenara zyňlyp, lenta gurçugynyň şepbigiň içine düşendigine ynanýarlar. Soňra balygy ýerdäki ýyrtyjynyň, meselem, dinozawryň tutan bolmagy mümkin. Ol awuny dişläp otyrka, parazitiň murty döwlüp gaçyp, şepbige ýapyşan we 99 million ýyl şol ýerde saklanan bolsa gerek.
Lenta gurçugynyň murtundan başga-da, ýantarda paporotnikleriň trihomlary, mör-möjegiň nimfasy we çäge däneleri hem tapyldy. Munuň özi şepbigiň gatamasynyň kenarda bolup geçendigini aňladýar.
Birma ýantarynda ýüze çykarylan galyndy görnüşleriniň sany 1000-den geçdi. Şepbige ýelmeşen ilkinji mör-möjekler barada XX asyryň başynda beýan edilipdi. Birnäçe ýyl mundan ozal Mýanmaryň demirgazygyndan tapylan ýantar nusgasynda çagalaryny goraýan, bedeni bilen ýumurtgalaryny örten urkaçy möýüň galyndylary tapylypdy.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....