Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we boşatmak hakynda Karara gol çekdi

  • 04.04.2024 06:14
  • 36228
Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we boşatmak hakynda Karara gol çekdi

3-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda,

  • ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Kakamyradowiç Annamuhammedow Aşgabat şäheriniň harby prokurory;
  • ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Ahmet Berdimyradowiç Annamyradow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory;
  • ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Bäşimgulyýewiç Ýowşanow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory;
  • 1-nji derejeli ýurist Begli Kakageldiýewiç Hommadow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň prokurory;
  • 2-nji derejeli ýurist Kakajan Döwranowiç Ataýew Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurory;
  • 1-nji derejeli ýurist Bäşim Çarygulyýewiç Ýalkabow Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;
  • ýustisiýanyň geňeşçisi Gurbandurdy Suhanberdyýewiç Meläýew Lebap welaýatynyň harby prokurory wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Ýakup Meretmuhammedowiç Annaýew Aşgabat şäheriniň harby prokurory;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Berdimyrat Niýazberdiýewiç Annaýew Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň prokurory;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Meýlis Tirkeşowiç Ýelmyratow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Ruslan Hamraýewiç Döwranow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň prokurory;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Alym Abdullaýewiç Goňurow Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Meýlis Akmyradowiç Hojaýew Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurory;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şohrat Terkeşowiç Mämiýew Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurory;
  • gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Gurbanguly Azadyýewiç Naýýaýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory;
  • ýustisiýanyň geňeşçisi Şatlyk Gündogdyýewiç Myradow Lebap welaýatynyň harby prokurory wezipesinden boşadyldy.

düýn 18:12
2839

Merkezi Aziýanyň we Pars aýlagynyň diplomatlary 15-nji aprelde Daşkentde ýygnanarlar

Merkezi Aziýanyň we Pars aýlagynyň daşary işler ministrleri 15-nji aprelde Daşkentde ýygnanarlar. Bu barada Özbegistanyň daşary syýasat edarasynda habar berildi. “15-nji aprelde Daşkentde “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky...

düýn 14:52
6083

Aşgabatda DÝHG-niň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahatynyň mejlisi geçiriler

Şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisi...

düýn 14:37
4020

Türkmenistan ekologiýa ulgamynda birnäçe täze başlangyçlary işläp düzdi

12-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ekologiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryny ösdürmek üçin amala aşyrylýan...

düýn 09:31
2606

Türkmenistan maý aýynda Buharestde geçiriljek TIBCO — 2024 halkara sergisine gatnaşar

Türkmenistan 16 — 19-njy maý aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçiriljek “TIBCO — 2024” halkara sergisine gatnaşar. Bu barada wise-premýer B.Atdaýew 12-nji aprelde Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi...