“Dýuna 2” filminiň dünýädäki girdeji ýygymy 620 mln dollardan geçdi

  • 03.04.2024 21:16
  • 5.5k+

Deni Wilnýowyň “Dýuna 2” filmi 190 mln dollar býujet bilen prokatyň bir aýynyň dowamynda dünýäde 627 mln dollar girdeji gazandy. Kartinanyň premýerasy 1-nji martda boldy.

Häzirki wagtda “Dýuna 2” 2024-nji ýylyň iň girdejili filmidir. Onuň ýakyn bäsdeşi – 6-njy martda çykan “Kung-fu Panda 4” 346 mln dollar gazandy.
Ikinji “Dýunanyň” sýužeti Pol Atreýdes bilen bagly wakalara bagyşlanýar. Hronometražyň ýene bir möhüm bölegi Zendeýanyň ýerine ýetirmegindäki Çani gahrymanyna gönükdirilýär. Ssenariýa Frenk Gerbertiň 1965-nji ýylda çykan “Dýuna” ylmy-fantastiki romanynyň ikinji ýarymyna esaslanýar.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....