Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 01.04.2024 23:24
  • 19k+

1-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahata obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän  möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda  gowaça ekişi dowam edip, ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny doly güýjünde we netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. 
Ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi hem-de bu ekinlere ideg etmek işleri utgaşykly dowam edýär.   
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň ýerden bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we şunuň bilen baglylykda, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde we bökdençsiz geçirilmegini, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýazlyk ekinlerine ideg işleriniň  agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, şeýle hem galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini tabşyrdy. 
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimlerine  ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin we sport çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......