Beýni implanty ysmaz adamyň pikirlerini ilkinji gezek tekste geçirdi

  • 01.04.2024 18:00
  • 5.7k+

Stenford uniwersitetiniň we Goward Hýuz lukmançylyk institutynyň amerikan alymlary düýbünden ysmaz adamlara pikirlerini ekranda sözlere öwürmäge mümkinçilik berýän ilkinji beýni implantyny döretdiler.

Hünärmenler gapdal amiotrofik sklerozly näsagda sözleýiş bilen baglanyşykly beýni gabygynyň zolaklaryna datçikleri ýerleşdirdiler. Enjamlar adamyň anyk sözleri aýtmak synanyşygyny ekranda tekste öwrüp, takyk düşündirip bildi.
Gözleg mikroelektrod massiwlerini wentral premotor gabygyna we Brokanyň zolagyna ýerleşdirmegi hem öz içine aldy. Neýron dekoderiniň pikiri tanamagyň netijeliligi 94% boldy. Adam minutda 62 söz tizliginde gürleşip bildi, bu bolsa adaty söhbetdeşligiň tizligine gabat gelýär.
Alymlaryň bellemeklerine görä, olaryň döreden ulgamy häzirlikçe adamlaryň gündelik durmuşda ulanyp boljak hakyky enjamy däl-de, diňe konsepsiýanyň subutnamasy bolup hyzmat edýär. Şeýle-de bolsa, tehnologiýa doly ysmaz bolan adamlaryň aragatnaşyk gurmak ukybyny dikeltmek meselesinde uly ädimdir.


düýn 10:31
5.5k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......