Şengen zolagyna ýene iki ýurt goşuldy

  • 01.04.2024 14:11
  • 8.8k+

31-nji martda Bolgariýa we Rumyniýa Şengen sebitine goşuldy. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň (ÝK) beren beýanatyna salgylanýan Euronews habar berýär.

Goşulmagyň birinji tapgyrynda içerki howa we deňiz serhetlerinde serhet gözegçiligi ýatyrylar. Ýerüsti barlag-goýberiş nokatlary boýunça serhetden geçilende, häzirlikçe pasport gözegçiligi saklanar. Awstriýa Sofiýanyň we Buharestiň bikanun migrasiýa garşy göreşmäge ukyplylygy babatynda alada bildirýändigi üçin,  bu meselede öz weto hukugyny ulandy.
Iki ýurt hem serhet gözegçiligini güýçlendirjekdigini we öz çäginden gaçybatalga berilmegi boýunça bildirilýän isleglere gaýtadan seretjekdigini aýtdy.
Şengen sebiti 1995-nji ýylda ýedi ýurduň arasyndaky serhetler açylanda işläp  başlapdy: Belgiýa, Fransiýa, Germaniýa, Lýuksemburg, Gollandiýa, Portugaliýa we Ispaniýa. Şondan bäri ol sekiz gezek giňeldi. Oňa 2007-nji ýylda iň köp ýurt (dokuz) goşuldy: Çehiýa, Estoniýa, Wengriýa, Latwiýa, Litwa, Malta, Polşa, Slowakiýa we Sloweniýa.


şu gün 15:42
1.6k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
5.6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....