Warner Bros. Timoti Şalame bilen hyzmatdaş boldy

  • 01.04.2024 13:23
  • 2.8k+

Amerikaly aktýor Timoti Şalame Warner Bros. bilen köpýyllyk şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, 28 ýaşly aktýor baş gahryman we prodýuser hökmünde studiýanyň original filmleriniň üstünde işlär. Bu barada Variety habar berýär.

Şertnamanyň bahasy aýan edilmeýär. Ylalaşyk eksklýuziw bolmaz - Şalame Golliwudyň beýleki studiýalarynyň taslamalarynda hem surata düşmegini dowam etdirer. Şeýle-de bolsa, Warner Bros. aktýoryň esasy hyzmatdaşy bolmak bilen, ony öz filmlerine çagyrmakda aýratyn hukuga eýe bolar.
Timoti Şalame bilen täze şertnama soňky aýlarda Warner Bros.-dan eýýäm üçünji şertnamadyr. Öň, kinostudiýa Tom Kruz we "Barbiniň" ýyldyzy Margo Robbiniň prodýuserlik studiýasy bilen şertnama baglaşdy.
Belläp geçsek, baş keşpde Timoti Şalame bilen 2023-nji ýylyň dekabr aýynda çykan "Wonka" prokatda 632 mln dollar, 2024-nji ýylyň mart aýynyň başynda çykan "Dýunanyň" dowamy bolsa 575 mln dollar gazandy. Studiýanyň maglumatlaryna görä, Şalame soňky 40 ýylda sekiz aýlyk döwürde çykan iki iň gowy amerikan filminde surata düşen ilkinji aktýor boldy. Umumylykda iki lenta döredijilere 1,2 mlrd dollar girdeji getirdi.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....