7-nji aprelde Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

  • 30.03.2024 09:39
  • 9.8k+

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygyndaky “Welosiped binasynyň” ýanyndan badalga berler. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde habar berildi.

Ýörişiň geçjek ýollarynyň ugrunda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary guralar. Şeýle hem şol gün Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda halkara ýaryşlarda altyn medallara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ikinji we üçünji orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy dowam etdiriler.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, şeýle hem Aşgabat, Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreler guralar. Olara umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, hünär-tehniki, orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, kärhanalaryň, edaralaryň işgärleri, türgenler işjeň gatnaşarlar.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....