Euronews türkmenistanly küştçüleriň üstünlikleri barada gürrüň berdi

  • 07.08.2025 15:35
  • 4.2k+

Halkara Euronews täzelikler saýty Türkmenistanyň küşt sporty boýunça gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdi. Habarda ýurdumyzyň bu sport babatda halkara giňişliginde orunlaryny berkitmek ugrundaky möhüm tagallalary bellenilip geçilýär.

Habarda Türkmenistanyň sebitleýin ýaryşlary geçirmekden halkara ykrar edilmeginiň ýoluny ynamly geçip, küşt sportunyň düzgünleşdirilen ulgamyny emele getirýändigi bellenildi. 2024-nji ýylyň özünde ýurdumyzda FIDE reýtingli ýaryşlaryň 130-sy geçirildi, 2025-nji ýylda bolsa ähli welaýatlary öz içine alýan milli ýaryşlaryň tapgyrynyň geçirilmegi dowam edýär.
Euronews ýurdumyzyň ýaş küştçülerini goldamak babatdaky tagallalaryna aýratyn üns berýär. Olaryň arasynda alty ýaşdan başlap, çagalaryň dowamly küşt sapaklaryna we ýaryşlaryna, şeýle hem halkara ýaryşlara gatnaşmaklary barada bellenilýär. Ýaş türkmen küştçüleri öz reýtinglerini işjeň ösdürýär, ýurdumyzda bolsa halkara ussatlaryň gatnaşmagynda türgenleşik çäreleri we onlaýn-seminarlary geçirilýär.
Materialda Türkmenistanyň tanymal küştçüleri grossmeýsterler Saparmyrat Atabaýewiň, Mesgen Amanowyň, Ýusup Atabaýewiň, şeýle hem 2025-nji ýylda aýallaryň arasynda Dünýä kubogyna gatnaşan ilkinji türkmen gatnaşyjysy FIDE ussady Lala Şöhradowanyň atlary agzalyp geçilýär.
Euronews neşiriniň pikirine görä, şeýle üstünlikler Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň goldawy bilen amala aşyrylýan maksadalaýyk we hemmetaraplaýyn çemeleşmä şaýatlyk edýär.


03.06.2026 17:49
3.8k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......