Ýaponiýa ikinji Aý gijesinden soň SLIM Aý moduly bilen aragatnaşygy dikeltdi

  • 30.03.2024 08:26
  • 4.1k+

Ýaponiýanyň aerokosmos gözlegleri agentligi (JAXA) SLIM Aý moduly bilen aragatnaşygyň dikeldilendigini habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Ýaponiýanyň ilkinji Aý moduly SLIM 20-nji ýanwarda Aýa gondy, ýöne 1-nji fewralda Aý gijesiniň başlanmagy sebäpli uky režimine geçirildi. 26-njy fewralda enjam bilen aragatnaşyk kem-käsleýin dikeldildi, ýöne 1-nji martda ol ýene uky režimine geçirildi.
Agentligiň hünärmenleriniň ikinji Aý gijesinden soň SLIM bilen aragatnaşygy dikeldip boljakdygyna ynamy ýokdy, sebäbi temperaturanyň üýtgemegi enjama zyýan ýetirip bilerdi. Ýöne 28-nji martda enjam bilen aragatnaşyk üstünlikli dikeldildi.
SLIM ýüzi tanaýyş sistemalarynda ulanylýan tehnologiýalara meňzeş tehnologiýalaryň kömegi bilen Aýdaky kraterleri we relýefi öwrenmek üçin niýetlenendir. Ol Aýyň üstündäki jynslarda demiriň we beýleki elementleriň düzümini ölçemäge mümkinçilik berýän ýörite kamera bilen üpjün edildi.
Enjam arkaly alnan maglumatlar ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça Milli edarasynyň Artemis Aý maksatnamasynyň çäklerinde ulanylar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....