Emeli aň suratkeşe Welaskesiň 300 ýyl ozal ýitirilen suratyny dikeltmäge kömek edýär

  • 30.03.2024 08:07
  • 8k+

Suratkeş Fernando Sançes Castilýo Diýego Welaskesiň 1734-nji ýylda ýangynda ýanyp ýok bolan “Moriskleriň kowulmagy” atly kartinasyny täzeden dikeltmek üçin emeli aň ulanýar.

1627-nji ýylda çekilen “Moriskleriň kowulmagy” Ispaniýanyň taryhynda iň agyr pursatlaryň birini - patyşa Filip III-iň buýrugy bilen 300 000 musulman-konwertidiň ýurtdan kowulyşyny suratlandyrýardy. Ol Osman imperiýasy bilen baglanyşyklarynyň bardygy sebäpli olary howply hasaplapdyr.
Ispaniýada we Portugaliýada moriskler (göçme manyda “kiçijik mawrlar”, “mawritanjyklar” diýlip terjime edilýär) diýlip Al-Andalusyň resmi taýdan hristian dinini kabul eden musulmanlaryna we olaryň nesillerine aýdylypdyr. Moriskler marranlar (çokundyrylan ýewreýler) bilen bilelikde täze hristianlar gatlagy hasaplanýardy.
Welaskesiň çeken kartinasy naýbaşy eser hasaplanýar we tagtyň mirasdüşeri - şa Filip IV tarapyndan gowy görlüpdir. Bu kartina üçin monarh ussada baş köşk suratkeşi adyny beripdir.
1734-nji ýylda kartina ýüzlerçe beýleki gymmatly sungat eserleri bilen birlikde Alkasar köşgündäki ýangynda ýok edildi.
Kartinanyň taryhy bilen gyzyklanan Castilýo saklanyp galan eskizi we şaýatlaryň jikme-jik beýanyny ulanyp, ony täzeden dikeltmek kararyna geldi. Oňa işinde AI-ni sungat pudagynda ulanmak boýunça gözlegçi Paula Garsiýa kömek etdi.
Maşyn öwrenmek algoritmlerini we aman galan eskizleri ulanyp, Castilýo kartinanyň düzümini, reňklerini we stilini täzeden dikeldip bildi.
“Moriskleriň kowulmagy”-nyň täzeden döredilen görnüşi 2025-nji ýylda Madridde geçiriljek sergide görkeziler.


07.03.2026 17:10
875

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.6k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.6k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...