Hamzat Çimaýew VS Robert Uittaker. Söweş UFC Fight Night-yň esasy wakasy bolar

  • 29.03.2024 21:18
  • 18k+

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) başlygy Dana Uaýt sosial ulgamlarda Hamzat Çimaýew bilen awstraliýaly Robert Uittakeriň arasyndaky söweşiň 22-nji iýunda Saud Arabystanynda geçiriljek UFC Fight Night ýaryşynyň esasy wakasy boljakdygyny habar berdi. Muny gazeta.ru ýetirýär.

“Bu söweşden soň biz orta agramda UFC-niň çempiony titulyna kimiň birinji belgili dalaşgär boljakdygyny bileris” – diýip, Uaýt aýtdy.

Çimaýew 13-nji aprelde Las-Wegasda geçiriljek UFC 300 ýaryşynda-da söweşip bilerdi. Söweşijiniň özi islendik garşydaş bilen duşuşmaga taýýardygyny aýtdy, ýöne ýaryşyň musulmanlar üçin mukaddes Remezan aýynda geçirilmegi onuň çykyş etmezliginiň sebäbi boldy.
2023-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Çimaýew Abu-Dabide (BAE) geçirilen UFC 294 ýaryşynda nigeriýaly Kamaru Usmandan üstün çykdy. Söweş üç raund dowam etdi. Söweşijiniň hasabynda jemi 13 ýeňiş bar. Çimaýew UFC-niň ýarym orta agram reýtinginde dördünji orny eýeleýär.


şu gün 15:55
3.2k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

şu gün 15:42
3.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

şu gün 14:57
2.1k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....

şu gün 10:43
6k+

Sarukýan RAF 10 ýaryşynda Fergýusony ýeňdi, Çimaýewiň söweşi köpçülikleýin uruş bilen tamamlandy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon......