Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy bilen gyzyklandy

  • 26.03.2024 00:14
  • 7.8k+

25-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda wise-premýer we häkimler ýurdumyzda dowam edýän  möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine girişildi, Daşoguz welaýatynda bolsa, ekişe başlamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär.
Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär.
Ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi dowam edýär.   
Şunuň bilen bir hatarda, pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile öndürijiler üçin ýüpek gurçugynyň tohumlaryny möwsüme taýýarlamak,  welaýat ýüpek önümçilik birleşikleri bilen pile öndürijileriň arasynda şertnamalary baglaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we häzirki wagtda bu pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, gowaça ekişiniň guramaçylykly hem-de agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan degişli ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


şu gün 16:02
125

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......