Gündäki partlamalar Ýerde güýçli magnit hadysasyna getirdi

  • 25.03.2024 14:22
  • 14k+

Ýerde G4 derejeli güýçli magnit hadysasy hasaba alynýar. Bu barada Russiýanyň Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Magnit hadysasynyň sebäbi Gündäki 13 partlama boldy, şolaryň biri X ýokary derejeli partlama bolup, ol 23-nji martda bolup geçdi.
Hünärmenler Gün işjeňliginiň ýokary derejesiniň heniz geçmändigini, şol sebäpli täze magnit tupanlarynyň bolmak ähtimallygynyň bardygyny belleýärler.

“Biz Gün işjeňliginiň iň ýokary derejesine golaýlaýarys, bir günüň dowamynda yzygider şeýle partlamalaryň bolmagy-da bu fakty tassyklaýar” – diýip, institutyň wekili belledi.

Bu aragatnaşykda düýpli näsazlyklaryň, radio aragatnaşygynda bozulmalaryň, hemralaýyn we radio ýygylykly nawigasiýanyň işinde köp wagtlyk bökdençlikleriň bolup biljekdigini aňladýar. Polýar şöhleleri hatda tropiki giňişliklerde-de görnüp biler.
Gün partlamalary rentgen şöhleleriniň güýjüne esaslanyp bäş klasa bölünýär: A, B, C, M we X. X klasly partlama iň güýçlüsi hasaplanýar.
Magnit tolkunlary Günden koronal massa zyňyndylary esasynda ýüze çykýan Ýeriň magnit meýdanyndaky gozganmalardyr. Magnit hadysasynyň alamatlary: kellagyry, başyň aýlanmagy, gowşaklyk, uky, hroniki keselleriň güýçlenmegi.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......